logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /1–30-njy sentýabr - “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ̶ ömrümiziň rahatlygy”
  30.08.2022
998
1–30-njy sentýabr - “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ̶ ömrümiziň rahatlygy”

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýurdumyzda her ýylyň 1–30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ̶ ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler toplumy ýurt abadançylygyny saklamaga ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikeşler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir.

 

 

Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.