logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /1 gram antimaddanyň emele gelmegi üçin 100 milliard ýyl gerek, bahasy 62 trillion dollar!
  07.03.2024
715
1 gram antimaddanyň emele gelmegi üçin 100 milliard ýyl gerek, bahasy 62 trillion dollar!

Antimadda ýyldyzlararasy syýahaty açyp biljek potensial energiýa çeşmesi hökmünde tapawutlanýar. Elon Musk antimaddany "Ýyldyzlararasy syýahat üçin petek" diýip häsiýetlendirýär. Häzirki wagtda antimaddanyň inženerler we fizikler tarapyndan nähili ulanylyp bilinjekdigi öwrenilýär.

 

 

 

Antimadda adaty maddanyň tersi bolan bölejiklerden durýar we şonuň üçin antimadda adaty maddalar bilen gatnaşyga girende, ikisi hem ýok bolup, köp mukdarda energiýa öndürýär. Antimadda we madda ýok bolanda, göni energiýa öwrülýär. Mysal üçin, bir gram antimadda ýadro bombasyna barabar partlamany döredip bilýär. Energiýanyň bu görnüşi, adamlary öň hiç wagt baryp görmedik ýerlerine rekord tizlik bilen eltip biler.

 

 

 

Antimaddanyň häzirki bahasy takmynan 62 trillion dollar. Onuň 1 gramyny emele getirmek üçin 100 milliard ýyl gerek. Şübhesiz, Ýerdäki iň gymmat madda hasaplanýar. Häzirki wagtda ähli milliarderler birleşse-de, 1 gram antimadda satyn alyp bilmeýärler.

 

 

 

Alymlar ýyldyzlara, planetalara ýa-da gitmek üçin antimaddalar ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar. Häzirki wagtda fizikler antimaddanyň örän gymmatlygyny göz öňünde tutup, dünýäniň iň güýçli bölejik tizlendirijileri bilen antiprotonlary we antihidrogen atomlaryny öndürýärler.

 

Ogulnabat GARLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby