logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /1-nji iýul - Günden goraýan äýnegiň döredilen güni
  01.07.2022
884
1-nji iýul - Günden goraýan äýnegiň döredilen güni

   Günden goraýan äýnegiň döredilen güni 1-nji iýulda bellenilýär. Baýramçylyk gözleri gün we ultramelewşe şöhlelerinden goraýan enjama bagyşlanýar. Görüş, adamyň esasy duýgularynyň biridir. Çünki ol daş-töweregimizdäki dünýä hakda has doly maglumatlary berýär. Göz bize minutda müňlerçe duýgy berýär. Adamda gözden has ygtybarly, wepaly kömekçi we goragçy ýok. Günden goraýan äýnekler gözellik üçin däl-de gözleri goramak üçin zerurdyr. Ýagty günüň aşagynda geçirilen kyrk minudyň telewizora tomaşa etmegiň iki sagada deňdigi subut edildi. Çaganyň ömrüniň ilkinji on ýylynda olaryň gözüni Günden goramaga aýratyn üns berilmelidir. Hut şu döwürde gözler obýektiw ultramelewşe şöhleleriniň 98% -ini özüne siňdirýär. Iňlis alymlarynyň geçiren barlaglaryna görä, ýaş wagtynda dogry gün goragy üpjün edilmedik bolsa, geljekde kataraktanyň (göz jöwheriniň ümezlemesi) döremek howpy ýokarlanýar.

 

Hangeldi ILÝASOW,  Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.