logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /1-nji Iýun-Halkara Älemgoşar güni
  01.06.2022
1637
1-nji Iýun-Halkara Älemgoşar güni

            Älemgoşar güni, eýýäm biziň üçin ýyly pikirleri özünde jemleýän täsin waka. Hakykatdan hem asmanyň ýüzüni gara bulut tutup ýagyş ýagandan soň bulutlar derrew dargaýar we asmanyň ýüzini köp reňkli zolak tutýar. Ol zolak adama umyt we bagt berýär. Adamlar älemgoşaryň reňkini elmydama gowy zat bilen baglanyşdyrýarlar.
Älemgoşar günortanyna seýrek ýüze çykýar. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin gün şöhlesi, ýagyş damjasyna takmynan 42 0 С burçda degmeli. Käbir ýagdaýlarda garaňky düşende hem älemgoşary görmek bolýar. Bu hadysa “Aý älemgoşary”diýilýär.Bu ýagdaýda Gün şöhle saçanda däl-de, Aý şöhle saçanda ýüze çykýar. Alymlaryň pikirine görä iki adamyň şol bir älemgoşary görüp bilmejekdigini belleýärler. Käbir ýagyş damjalaryna düşen ýagtylyk, her bir adam üçin dürli-dürlidir. Munuň netijesinde  bolsa gözelligiň başga bir keşbini görýäris. Älemgoşaryň reňkleri barada aýdylanda bolsa,  älemgoşaryň 7 sany reňki bolup adamlar onuň diňe takmynan 3 ýa-da 4 reňkini görüp bilýär.

Bibijan MYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby