logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli çäreler geçiriler
  27.08.2022
2382
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli çäreler geçiriler

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli çäreler geçiriler. Şolaryň hatarynda  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem bar.

 

 

1-nji sentýabr güni Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler. Şeýle hem 1-nji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler gowşurmak dabaralary geçiriler.

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Hökümet agzalary 1-nji sentýabrda orta we ýokary okuw mekdeplerine baryp, ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlarlar.