logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /1 sagatda 24 million dollar gazandy
  24.01.2023
1095
1 sagatda 24 million dollar gazandy

2018-nji ýyldan bäri konsert bermedik dünýä belli aýdymçy Beyonce, milliarderleriň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde kaşaň myhmanhananyň açylyş dabarasynda aýdym aýtdy.

Dört ýyldan soň ilkinji gezek sahna çykan 41 ýaşly aýdymçynyň bir sagatlyk konserti üçin 24 million dollar alandygy mälim edildi.

Dünýä belli aýdymçy Beyonce, Dubaý şäherinde bir gijelik 82 müň dollar bahasy bolan «Royal Mansion» atly meşhur myhmanhananyň 22-nji gatynda ýerleşdi.

Ol gelmezinden öň, onuň boljak myhmanhanasy ýokary derejedäki gorag çäreleri bilen üpjün edildi.