Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty jemlendi ✦ ✦ Zenan Liderleriň Forumy: Gender deňliginde täze ädim ✦ ✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /12-nji awgust - Hazar deňziniň güni!
  12.08.2025
68
12-nji awgust - Hazar deňziniň güni!

Tähran konwensiýasynyň güýje giren güni — 2006-njy ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde yglan edildi we şondan bäri her ýylyň 12-nji awgusty Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Russiýa, Eýran ýaly Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň gününiň bellenilmegine sebäp bolan Çarçuwaly Konwensiýa, ýagny Tähran konwensiýasyna bolsa 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak maksady bilen bäş sany Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan gol çekildi we 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girizildi.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini aýawly hem rejeli peýdalanmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Hazaryň ekologiýa ýagdaýy barada Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň aýdyň we esaslandyrylan garaýşy bar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşine görä, sebitde tebigaty goramak meselelerini çözmekde, ilki bilen, Hazar sebitiniň özboluşly we gaýtalanmajak tebigy toplum bolup durýandygy hakyndaky düşünjeden ugur almak gerek. Bu toplum bitewi ekologik ulgam bolmak bilen, Hazar deňzini, oňa guýýan derýalary, kenarýaka giňişliklerini we beýleki tebigy desgalary öz içine alýar. Hazaryň tebigaty, onuň biologik serişdeleri rejeli we seresaply çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin Türkmenistan ekologiýa ulgamynda ähli Hazarýaka döwletleriniň we gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegini we hereketleriň özara sazlaşygyny gazanmagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlary, şol sanda, Hazar deňziniň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli Hazar meselesinde Türkmenistan yzygiderli garaýyşlara eýerýär. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Hazar deňzi dostlugyň hem parahatçylygyň deňzidir.


Aýgül Babaýewa,

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň Kikboks boýunça tälimçi mugallymy.