logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /14-nji martda Änew şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
  07.03.2024
704
14-nji martda Änew şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi we Ak bugdaý etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 14-nji martynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýär. Bu barada Türkmenmetbugat habar berýär.  Şeýle-de Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýy, Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800137) 36-7-14