logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /14-nji noýabr - Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni
  14.11.2022
1529
14-nji noýabr - Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni

Bu gün 14-nji noýabr - Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni. Emma gynansak-da täze gözlegiň netijesine görä, dünýädäki dört adamdan biri bu kesel üçin zerur kömegi alyp bilmeýär.

Halkara diabet federasiýasy diagnoz wagtynda näsaglaryň 26% -iniň ýeterlik maglumat we bilim almaýandygyny, bu süýji keseliniň gözegçiliginiň pes bolmagyna we akyl saglygyna şeýle-de ysmaz, böwrek ýetmezçiligi, körlük ýaly fiziki zeperlere zyýan ýetirip biljekdigini belleýär.

Geçirilen gözlegler, eger süýji kesele garşy zerur kömek alan bolsa 3,9 million adamyň şu günem aramyzda ýaşap biljekdigini ýüze çykardy.

Hasaplamalara görä, dünýäde häzirki wagtda takmynan 8,7 million adam süýji keselinden ejir çekýär. 2040-njy ýyla çenli süýji keseli bilen kesellänleriň sanynyň iki esse artyp, 17,4 milliona ýetjekdigi çaklanylýar.