logo

Latest news:
✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦ ✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦
Home / Culture /14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy
  12.09.2026
43
14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aşgabat şäherindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragynyň ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýaş aýdymçylaryň zehinini ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden we Arkadag şäherinden jemi 14 ýaş aýdymçy gatnaşdy. Olar deslapky tapgyrlaryň netijeleri boýunça saýlanyp alyndy.

Çykyşlaryň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy eserleri, halk aýdymlaryny we häzirki zaman estrada eserlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlary olaryň wokal ussatlygy, ýerine ýetiriş aýratynlygy, sahna medeniýeti we çeperçilik derejesi boýunça bahalandyryldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmekde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň, milli aýdym-saz mirasyny öwrenmegiň we ony täze nesillere ýetirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Bäsleşigiň öňki ýyllardaky ýeňijileri hem jemleýji konsertde çykyş edip, ýaş zehinlere goldaw berdiler.

Konsert “Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!” atly köpçülikleýin aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy.

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşigi ýaş aýdymçylaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we milli aýdym-saz sungatynyň däplerini dowam etdirmek maksady bilen geçirilýär.


Aýbibi ORAZDURDYÝEWA
Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň  3-nji ýyl talyby