logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /18 ýyl bäri aeroportda ýaşaýan adam aradan çykdy
  14.11.2022
990
18 ýyl bäri aeroportda ýaşaýan adam aradan çykdy

Pariždäki «Charles de Gaulle» howa menzilinde 18 ýyl bäri ýaşap gelýän eýranly «Mehran Karimi Nasseri» 77 ýaşynda aradan çykdy. Lukmanlar «Mehran Karimi Nasseri»-niň tebigy sebäplere görä aradan çykandygyny belleýärler.

«Mehran Karimi Nasseri» - 1977-nji ýylda syýasy sebäplere görä, Eýranyň raýatlygyndan çykaryldy. Ol Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bosgun diýlip yglan edildi. Ol 1999-njy ýylda Fransiýada ýaşamak üçin rugsat aldy. Ol 2004-nji ýyla çenli dürli ýerlerde bosgun bolup ýaşady. Şol ýyl Pariždäki «Charles de Gaulle» howa menzilinde, Fransiýada ýaşamaga bolan rugsatnamasyny ýitirdi. Şol sebäpli hem ol bu howa menzilinde ýaşamaga başlady.

Belläp geçsek, 2004-nji ýylda «Mehran Karimi Nasseri»-den ylham alnyp, «Terminal» atly film surata düşürildi.