logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /18 ýyldan gaýtalanýan tebigy hadysa
  07.06.2022
1568
18 ýyldan gaýtalanýan tebigy hadysa

Şu günden başlap, tebigy hadysalar bilen gyzyklanýan höwesjeňler Wenera, Merkuriý, Ýupiter, Saturn we Mars ýaly planetalary şu aýyň ahyryna çenli mawy asmanda ýönekeý göz bilen görüp bilerler. Iň soňky gezek 2004-nji ýylda bolan bu tebigy hadysada Gün ulgamyndaky Ýerden başga 7 planetanyň 5-si bir ýere jemlener.

Berilen maglumatlara görä, bu bäş planetanyň arasynda Wenera, Merkuriý, Ýupiter, Saturn we Mars bolar. Planetalary ýönekeý göz bilen görüp bolar, emma has içgin synlamak isleýänler teleskopdan peýdalanyp bilerler. “Sky & Telescope” şereketi tarapyndan paýlaşylan maglumata görä, bäş planetanyň hemmesini has aýdyň görmek üçin iň amatly wagt, gün dogmazyndan 30 minut öň bolar.

Şeýle hem, 24-nji iýunda has aýratyn tebigy hadysa ýagny Ýeriň tebigy hemrasy bolan Aý Wenera bilen Marsyň arasynda peýda bolar we iki planeta bilen deň ýagdaýda görner. Bu bäş planeta şeýle ýagdaýa indi 2040-njy ýylda geler. Şonuň üçin bu mümkinçiligi elden gidirmezlik gowy pikirdir.

Aýşat DURDYLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.