logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /19-20-nji ýanwarda türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler
  13.01.2023
1064
19-20-nji ýanwarda türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler

19-20-nji ýanwarda Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler, onuň barşynda işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Çäräniň çäklerinde rus öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda-sergi meýdançasyny dabaraly açmak meýilleşdirilýär.

Forumyň maksady — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Panelleýin sessiýa ulag we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertip we iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň beýleki ugurlaryna nagyşlanar.

Garaşylyşy ýaly, işewürler forumyň birinji gününde duşuşyklar geçiriler. Bu barada RF-niň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda habar berilýär.