logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /19-njy awgust - BÜTINDÜNÝÄ YNSANPERWERLIK KÖMEGINIŇ GÜNI
  19.08.2022
877
19-njy awgust - BÜTINDÜNÝÄ YNSANPERWERLIK KÖMEGINIŇ GÜNI

Kyn ýagdaýlarda birek-birege kömek goluny uzatmak iň ýagşy häsiýetleriň biri hasaplanýar. Bu halkara derejesinde hem uly goldawa eýe bolýar. 2008-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 19-njy awgusty «Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni» diýip yglan etdi.

 

 

Birleşen Milletler Guramasy bu senäni halkara günleriň senenamasyna girizip, wezipeleri belläp başlady. Bu günüň döredilmeginiň esasy maksady bütindünýäde alnyp barylýan ynsanperwerlik kömek çäreleri barada dünýä jemgyýetçiliginiň habardarlygyny has-da artdyrmak bolup durýar. Mundan başga-da, bu sene ynsanperwerlik ugrundaky halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini ýada salýar hem-de bu ugurda zähmet çeken we häzirki wagtda işini dowam etdirýän adamlara uly hormat goýýar.

 

 

Ynsanperwerlik kömegini berýän işgärler - bu dünýädäki iň gowy adam häsiýetlerini özünde jemleýän raýdaşlygyň ilçileridir. Olar her gün dürli ýurtlarda ýüze çykýan howpy we kynçylyklary ýeňýärler. Şeýle hem olar uruşda we tebigy betbagtçylykda ejir çeken millionlarça adamlara kömek edýärler. Soňky onýyllyklarda ynsanperwer jemgyýetiň tebigy ýa-da adam faktorlary sebäpli ýüze çykýan dürli betbagtçylyklara çalt we täsirli jogap bermek, şeýle hem olara garaşmak ukyby has-da ýokarlanandygyny hünärmenler tassyklaýarlar.

 

 

Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň gününiň bellenilýän senesinde dürli maglumat hem-de okuw çäreleri geçirilýär. Bu gün bütindünýä halklaryny jebislige, parahatçylyga we raýdaşlyga çagyrýar. 2009-njy ýylda geçirilen birinji Bütindünýä ynsanperwerlik kömeginiň güni başgalaryny halas etmekde heläk bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanýar.

 

 

Aziza HUDAÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.