Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna
  09.05.2023
979
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna

Halklaryň agzybirligi, dost-doganlygy bilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişden bäri 78 ýyl geçdi. Ondan bäri ençeme baharlar çalşyp, täze nesiller dörese-de, Beýik Ýeňşiň şöhraty öçenok. Jeň meýdanlarynda bir gysym toprak bolup galan juwan esgerlerem, ýeňiş baýdagyny dikip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelen gerçeklerem nesilleriň hakydasynda ýaşaýar. Agyr, kynçylykly döwrem, hupbatly urşam halkyň ýeňşe bolan ynamyny syndyrmady. Şol ynam bilen 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş gazanyldy.
Bütin adamzadyň taryhynda ýowuz jeňleriň biri bolan bu uruşda türkmen halky hem özüniň watansöýüjilik, edermenlik, mertlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ýeňşiň gazanylmagyna öz goşandyny goşdy. Şöhratly taryhymyza nazar aýlanymyzda, watansöýüjilik, Watany döş gerip goramak ýaly häsiýetleriň halkymyza hemişe hemra bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmen ýigitleri söweş meýdanlarynda özleriniň merdana ata-babalarynyň nesilleridiklerini subut etseler, urşuň yzynda galanlar zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Batyr türkmen gerçeklerimiziň görkezen edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary üçin Gahryman diýen belent ada, söweş ordenlerine hem-de medallaryna mynasyp bolmaklary, türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrmaklary, garrydyr ýaş-ýeleňleriň, aýal-gyzlaryň bugdaýly, pagtaly meýdanlarda hasyly yrýa etmän ýygnamak ugrunda çeken abyrsyz zähmeti munuň subutnamalarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri hem gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. « «Watan» diýip urşa gitdi pederim, ýürek onuň didaryna suwsaýar» diýen ýaşajyk Mälikguly kakasy Berdimuhamet Annaýewiň jeň meýdanlarynda söweşýän döwründe maşgala ýüküni çekmek bilen, ruhubelentligiň nusgasyny görkezýär. Şol hupbatly döwürde ol «Biz ýeňeris!» «Uruş bolmasyn!», «Ýeňiş biziňki bolar!», «Köp ekeliň dänäni» ýaly goşgulary düzýär, obadaşlaryna okap berýär. Onuň urşa ýigrenç döredýän, watansöýüjilige, ruhubelentlige çagyrýan goşgulary oba adamlarynyň uruş zerarly ynjan  göwünlerine seýik bolýar.
Berkarar döwletimizde ýaşuly nesliň wekilleri, şol sanda hatary seýreklän uruş weteranlary we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary barada uly aladalar edilýär. Olary durmuş taýdan ygtybarly goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanylyp, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar. Munuň özi olara belent sarpa goýulýandygyny, görkezen edermenlikleriniň nesilleriň hakydasyndan çykmaýandygyny alamatlandyrýar. 

 

Oguljennet KEMJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.