logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /2-nji sentýabrda ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berler
  27.08.2022
815
2-nji sentýabrda ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berler

26-njy awgustda, Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirdi. Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişilmegine ak pata berdi.

 

 

Döwlet Baştutanymyz, ekiş möwsümini öz wagtynda, ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, gallaçylara hem-de oba hojalygynyň ähli zähmetkeşlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban topragymyzda bereketli hasyl ýetişdirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.