logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /20-21-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geler
  18.10.2022
1344
20-21-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geler

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana resmi sapar amala aşyrar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Özbegistanyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy we nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, onuň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.