logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /2022-nji ýylyň sözi mälim edildi: «Gaslighting»
  02.12.2022
1118
2022-nji ýylyň sözi mälim edildi: «Gaslighting»

2022-nji ýylyň sözi hökmünde «gaslighting» sözi saýlanyldy. Munuň sebäbi bolsa, internet sahypalarynda 2022-nji ýylda «gaslighting» sözüni gözleýänler 1740 göterim ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Amerikanyň iň gadymy sözlük neşirçisi Merriam-Webster, ýylyň sözi hökmünde «gaslighting» sözüni saýlady.

Gaslighting – başga biriniň öz bähbidi üçin bilkastlaýyn aldamak, psihologiki manipulýasiýa arkaly kimdir birine özüne şübhe döretmek synanyşygy - ýaly manyny berýär.

Merriam-Webster - «gaslighting» sözüniň häzirki wagtda - nädogry maglumatlar, galp habarlar, dildüwşük teoriýalary – ýaly manyny hem berýändigini şonuň üçin 2022-nji ýylda köp gözlenilendigini belleýär.

Gaslighting – sözüni ilkinji bolup, film ssenariýalaryny ýazyjy Patrick Hamilton 1938-nji ýylda «Gas Light» atly kitabyny ýazanda ulanýar. Ol kitaby ýazan wagtlary, bu sözüň XXI asyrda ýygy-ýygydan ulanyljakdygyna garaşmandyr.

Kitapda är-aýalyň ýalan we aldaw esasynda nikalaşmagy barada gürrüň berilýär. Gyzykly we örän özüne çekiji bolan kitapdan ylham alnyp, Angliýada gysga göwrümli film surata düşürilýär. Netije-de, Bu gysga göwrümli film şol döwürde ilkinji gezek 1940-njy ýylda Angliýada we 1944-nji ýylda ABŞ-da mawy ekranda görkezilýär. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.