logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /2023-nji ýyl – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»
  03.01.2023
4448
2023-nji ýyl – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»

Mälim bolşy ýaly, 29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň dowamynda geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işler barada aýdyldy. Onuň netijesinde, jemgyýetçilik guramalarynda, okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda geçirilen maslahatlarda öňe sürlen başlangyçlar esasynda, ýurdumyzda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüde gelindi. Şunlukda, mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz halkymyzdan gelp gowşan geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklipleri goldap, degişli resminama esasynda tassyklady. Geljek — 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi.

Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.

Geljek ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny 2023-nji ýylda has tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy, biz — ýaşlara bildirilen uly ynamyň nyşany bolup, bu belent ynama mynasyp jogap gaýtarmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.  

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.