logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /2023-nji ýylda Aýa syýahat etmegi meýilleşdirýän ýurtlar!
  29.12.2022
1026
2023-nji ýylda Aýa syýahat etmegi meýilleşdirýän ýurtlar!

Nil Armstrongyň Aýa ilkinji gezek aýak basanyna 53 ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, adamzadyň Aýa bolan höwesi häzirki wagta çenli galmady. 2023-nji ýylda birnäçe ýurtlar kosmosa maýa goýumlaryny artdyrar. «BBC» tarapyndan berlen habara görä, 2023-nji ýylda Aýa gitmegi meýilleşdirýän ýurtlar:

Hindistan;
 
Hindistan Aýyň ýüzüni öwrenmek üçin 2023-nji ýylyň iýun aýynda «Chandrayaan 3» atly taslamasyny durmuşa geçirer.  Aziýada ýerleşýän Hindistan ilkinji gezek 2008-nji ýylda Aýa «Chandrayaan 1» raketasyny uçurdy. 

Russiýa; 
Russiýa Aýyň günorta polýar sebitinden nusgalary ýygnamak üçin 2023-nji ýylyň iýul aýynda «Luna 25» taslamasyny başlatmagy maksat edinýär. 

ABŞ; 
Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy (NASA) Gün ulgamyndaky gadymy planetanyň galyndysy öwrenmek üçin «Psyche» kosmiki gämisini Aýa uçurar. 

Hytaý; 
Hytaý uzakdaky ýyldyzlary we gara girdaplary kartalaşdyrmak üçin 2023-nji ýylyň dekabrynda «Xuntian» atly teleskopy Ýeriň orbitasyna ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, Hytaý kosmos pudagy boýunça Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek isleýär. 

 

Döwran ALLAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.