logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler
  23.09.2022
948
2023-nji ýylda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler

2023-nji ýylda Türkmenistanda möhüm çäreleriň birnäçesi ― Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda belläp geçdi.


Döwlet Baştutanymyz çykyşynda «Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin» diýip, syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň hem uly ornunyň bardygyna, bu işde olaryň işjeň hereketleriniň uly meseleleri çözýändigine ünsi çekdi.