logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /2024-nji ýylda 107 sany ýaş alym sylaglandy
  09.06.2024
630
2024-nji ýylda 107 sany ýaş alym sylaglandy

Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem-de tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler bäsleşigi geçirilýär.


2024-nji ýylda bu bäsleşige 1670 ýaş alym gatnaşdy we olaryň 107-si ýeňiji diýlip yglan edildi. TDH-nyň habar bermegine görä, bu barada 31-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.


Wise-premýer çykyşynda bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy wezipeleriň biridigini nygtady.


Döwlet Baştutanymyz "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda alty ugur boýunça ylmy bäsleşigiň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak baradaky teklibi makullady.