logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /2025-nji ýylda Gazagystanda «Geljegiň oýunlary» geçiriler
  14.03.2024
718
2025-nji ýylda Gazagystanda «Geljegiň oýunlary» geçiriler

Gazagystanda 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Geljegiň oýunlaryna» taýýarlyk görlüp başlandy. Respublika bäsleşigi guramakda ilkinji Oýunlaryň geçirilen ýeri bolan Tatarystanyň tejribesine daýanar. Bu tejribe Respublika üçin Oýunlar guralanda peýdaly bolar.

 

Ýatladyp geçsek, taryhdaky ilkinji «Geljegiň oýunlary» 21-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Kazanda geçirildi.

 

«Geljegiň oýunlary» – bu sporty, ylmy we tehnologiýalary özünde jemleýänk köpugurly halkara sport çäresidir. Täze görnüşli ýaryş fiziki we sanly älemlerde geçirilýän bäsleşiklerden ybarat bolan «fijital» (physical+digital) konsepsiýasyna esaslanýar hem-de türgenleriň hakyky we wirtual dünýälerdäki başarnyklaryny synag edýär. Bäsleşikler oýunçylara fiziki şertleri ýa-da tapmaçalary hödürleýär, olary ykjam programmalary ýa-da giňeldilen hakykat (AR) ýaly beýleki sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly çözmek mümkindir.

 

Kadyr KADYROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.