logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak meýilleşdirilýär
  17.03.2024
866
2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak meýilleşdirilýär

15-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň 10 – 13-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

 

Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde Türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, şu ýylyň dekabr aýynda awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şäher gurluşyk we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

 

Amantäç HOMMADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.