logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
  05.01.2026
509
2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň milli buýsanjy, taryhy dowamatlylygyň we ösüşiň nyşany hökmünde eýeleýän ornuny giňden wagyz etmäge gönükdirildi.

 

Dabara Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary, atçylyk pudagynyň wekilleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, il ýaşulylary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň ösüşlerini hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän sungat eserleriniň sergisi guraldy. Sergide Milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserlerine aýratyn orun berildi.

 

Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegini Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň dowamydygyny belläp, bu şygaryň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, bedewlere bolan söýgüsine we ösüşe bolan ynamyna daýanýandygyny nygtadylar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň bu karary halkyň arzuwlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýandygyny görkezýändigi aýdyldy.

 

Maslahatda ýurdumyzyň ykdysady we ruhy ösüşleri, ahalteke bedewiniň halkara abraýynyň artmagy, Arkadag şäherinde Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesindäki üstünlikleri aýratyn bellenildi. Ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bedewleriň dünýä medeniýetindäki ornuny has-da berkitdi.

 

Çykyşlarda 2026-njy ýylyň Gündogar senenamasy boýunça bedew ýylyna gabat gelmeginiň hem şygaryň mazmuny bilen sazlaşýandygy nygtaldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, täze ýylda Watanymyzyň bedew bady bilen ösüşlere ýetjekdigine ynam bildirdiler.

 

Maýa AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.