logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /2027-nji ýylda açyljak ilkinji kosmos restorany nähili bolar?
  28.04.2023
1148
2027-nji ýylda açyljak ilkinji kosmos restorany nähili bolar?

Adamyň kosmosa ilkinji uçuşyndan altmyş ýyl soň, älemi syýahat etmegiň adaty bir zada öwrülmegi baradaky arzuwlar hasyl bolýan ýaly. Habarlara görä, dört ýyldan soň kosmosda ilkinji restoran bolar, kinoteatrly ilkinji kosmos myhmanhanasy Ýeriň golaýyndaky orbitada peýda bolar. Geliň, ol ýerde näme boljakdygy barada durup geçeliň!

«Orbital Assambleýa» korporasiýasy 2025-nji ýylda her kimiň maýa goýup biljek pes Ýer orbitasynda ilkinji kosmos myhmanhanasynyň gurluşygyna başlajakdygyny mälim etdi. «Voyager Station» 2027-nji ýyldan başlap işe giriziler, onda diňe bir dürli derejeli kaşaň myhmanhana otaglary däl, eýsem, bejeriş, sport zaly, restoran, kino hem bolar. Myhmanhana bir wagtyň özünde 400 adama niýetlenendir. Ilkinji kosmos myhmanhanasy ullakan Ferris tekerine meňzeýär, kabinalaryň ýerine 500 inedördül metr meýdany bolan villa diýilýän kapsulalar bar. Agyrlyk güýjüniň stimulýasiýasynyň kömegi bilen «Voyager» stansiýasy ähli amatlyklara eýe bolar: duş we hajathana. Bu ýerde ýatmak we aýlanmak hem adaty ýagdaýda däl-de, agramsyzlyk ýagdaýynda boljakdygy habar berildi. Myhmanhanada bir hepde, bir aý wagtlap uçup ýa-da has uzak wagtlap dynç alyp bilersiňiz. Hatda kosmosda öz wekilhanasynyň bolmagy üçin iri kompaniýalara we ştatlaryň hökümetlerine kapsula kärendesine almak teklip edilýär. Her «Voyager Station Villa»-da aşhana, naharhana, üç sany hammam we 16 adam üçin niýetlenen ýatylýan otag bar. Villalardan başga-da, 2 adam üçin niýetlenen myhmanhana otaglary we kiçi otaglar bar. Iýmit bilen üpjün etmekde «Voyager» restoranyny gastronomiýa nukdaýnazaryndan Ýerdäki iň oňat kärhanalar bilen bäsleşmegi meýilleşdirýändigi habar berildi. Adaty iýmitlerden başga-da doňdurma we miwe içgileri öndürmek üçin külke görnüşde bolan Tang atly önüm bolar. Kosmosdaky suwuň tagamy adaty suwuňkydan tapawutlanýar. Kosmos görnüşi bolan üç derejeli barda kokteýller bolar we olar az alkogolly kokteýllerdir. Gije-gündiziň dowamynda işleýän aýratyn modul sport üçin saklanar. Ýedi metr beýiklikdäki sport zaly sizi ýeriň agyrlyk güýjüniň 1/6 bölegine çenli bökmäge, ylgap we basketbol oýnamaga çagyrýar! Aşaky gatda bolsa pyýada ýörelgeleri we türgenleşik maşynlary bolan sport zaly bolar, türgenleşik wagtynda myhmanlar Ýeriň we ýyldyzlaryň aýlanmagyna hem tomaşa edip bilerler. Umuman şeýle açyşlar, inžernerçilik taslamalary, oýlap-tapyşlar durmuşy has hem özgerdýär. 

 

Annamuhammet ÇARYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.