logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /21-nji dekabr - iň uzyn gije!
  21.12.2022
1450
21-nji dekabr - iň uzyn gije!

Şu gün Demirgazyk ýarym şarda gyş resmi taýdan başlandy. Şu gün Ekwatoryň demirgazygynda ýaşaýanlar ýylyň iň gysga gününi başdan geçirerler. Şol sebäpli şol gün iň gysga gün, iň uzyn gije ýa-da iň garaňky gün diýilýär.

Gyş pasly gadymy döwürlerden bäri dünýäniň köp ýerinde baýramçylyklar bilen bellenilip geçilýär we bu hakda köp hekaýalar, mifler şeýle-de ylmy oýlanşyklar we çekişmeler bar.

21-nji dekabrda, Demirgazyk polýus - Günüň iň uzak nokadynda ýerleşýändigi sebäpli Demirgazyk ýarym şarda gyş başlaýar.

Gün asmanyň iň pes nokadynda, gözýetime iň ýakyn ýerde ýerleşýändigi sebäpli, 24 sagadyň dowamynda gündizlik juda az bolýar. Bu tebigy hadysanyň Ýeriň Günüň daşyndaky aýlanmagy bilen baglanyşyklydygy sebäpli, her ýyl şol bir wagtyň özünde şeýle hadysa gaýtalanýandyr öýdülýär, ýöne bu beýle däl. Ýer Günüň daşyndaky orbitasyny 365 gün 6 sagatda tamamlaýandygy sebäpli, iň uzak gije käwagt 21-nji dekabrda, käte 22-nji dekabrda bolýar. Günorta ýarym şarda bu sene tomsuň başy hasaplanýar.

Iň gysga gün ýerleşýän ýeriňize baglylykda üýtgäp biler. Londondaky Grinwiç obserwatoriýasynda iň gysga gün 7 sagat 49 minut 43 sekunt bolýar. Ýagny, gündiziň dowamlylygy tomusdaky iň uzyn günüň ýarysyndanam azdyr. Bu ýagdaý, Demirgazyk polýusa näçe ýakynlaşsaňyz, şonça hem gysga bolýar. Meselem, Islandiýada bary-ýogy 2 sagat 14 minut. 

 

Myrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.