logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /22-nji dekabrda - iň gysga gün boldy
  22.12.2023
1373
22-nji dekabrda - iň gysga gün boldy

Bu senede Ýer şarynyň esasy energiýasyny berýän Gün iň az mukdarda ýagtylyk we ýylylyk berýär. Ylymda bu hadysa “gyşky gün säginmesi” hem diýilýär.

 

 

Her ýylyň 21-22-nji dekabrynda Gün asmanyň günorta ýarym şarynda has aşak düşýär, bu bolsa günüň gysgalmagyna we gijäniň uzalmagyna sebäp bolýar. 

 

 

22-nji dekabrda Aşgabatda hem iň uzak gije bellige alnyp, ol 14 sagat 48 minut 12 sekunda uzady. Iň gysga gündiz bolsa 9 sagat 11 minut 49 sekunt deň boldy.

 

 

Şu günden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar. Bu hadysalar Ýeriň öz okunyň daşynda aýlanýandygy we Gün şöhleleriniň Ýere düşüş burçunyň üýtgeýändigi bilen baglydyr. Emma iň gysga gün ýerleşýän ýeriňize baglylykda üýtgäp biler. 

 

Batyr Mirişow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1- nji ýyl talyby.