logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /22-nji noýabrda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň birinji oýuny geçiriler
  03.11.2022
1524
22-nji noýabrda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň birinji oýuny geçiriler

Şu ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky ikinji möwsüminiň birinji oýny geçiriler. Taslamanyň täze möwsümi «Dialog ̶ parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» umumy şygar bilen geçiriler. «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» ýaş zehinleriň birinji oýnunyň temasy bolar.

Geljekki oýnuň temasyna laýyklykda bäsleşigiň guramaçylary zerur edebiýatlaryň sanawyny düzdüler we oňa gatnaşjaklara olar bilen tanyşmagy maslahat berýärler.

24-nji oktýabrda taslamanyň ikinji möwsümine gatnaşmak isleýänler üçin onlaýn-test görnüşinde deslapky saýlama synaglary geçirildi. Oňa tutuş ýurdumyzdan geljekde diplomat bolmagy arzuw edýän ýokary synp okuwçylarynyň 300-den gowragy gatnaşdy. Olardan test synaglarynyň netijesi boýunça has gowy netije görkezenleriniň 64-si aň-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Taslamanyň birinji möwsüminiň ýeňijileri şu okuw ýylynda ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň talyby boldular. Olar bäsleşikde gowy çykyş etdiler we instituta giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrdylar, dürli ugurlardan çuňňur bilimlerini, diplomata mahsus häsiýetlerini we başarnygyny görkezdiler.