logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /25-nji oktýabrda «Bölekleýin Gün tutulma» hadysasy bolar
  14.10.2022
2157
25-nji oktýabrda «Bölekleýin Gün tutulma» hadysasy bolar

Iň möhüm tebigy hadysalaryň biri bolan Gün tutulma hadysasynyň indiki boljak senesi mälim edildi. Şoňa görä, ýylyň ikinji gün tutulma hadysasynyň 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda bolmagyna garaşylýar.

Tebigy hadysa Islandiýa, Ýewropa, Demirgazyk-gündogar Afrika, Ýakyn Gündogar, Günbatar Aziýa, Hindistan, Günbatar Hytaý ýaly sebitlerde görner. Tutulmagy möçberi 86% bolar.

Bu gezekki Gün tutulma hadysasy, 2004-nji ýylyň oktýabryndaka meňzeş bolar. Şeýle bölekleýin Gün tutulma hadysasy indi 2040-njy ýylyň 4-nji noýabrynda gaýtalanar.

Gün tutulma tebigy hadysasy – Aýyň Ýer bilen Günüň aralygyna girmegi esasynda ýüze çykýar. Aýyň bu hereketi Ýere kölege salýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Bu tebigy hadysa ýylda ýylda iki ýa-da bäş gezek bolýar. Tutulma pursadyny äýnek geýip seretmek maslahat berilýär.