logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /27-nji aprelden «Altyn asyr» Gündogar bazary işläp başlar
  27.04.2022
1161
27-nji aprelden «Altyn asyr» Gündogar bazary işläp başlar

Şu gün, ýagny 27-nji aprelden Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýerleşýän «Altyn asyr» Gündogar bazary ozalky tertipde irden 8:00-dan 18:00-a a çenli alyjylar üçin doly işläp başlar.

Bu ýere söwda etmäge geljek raýatlar arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynyp, bellenilen araçägi saklamalydyrlar.

«Altyn asyr» Gündogar bazary barada biraz ýatladyp geçsek, bu uly bazar 2011-nji ýylyň 17-nji fewralynda açylyp ulanylmaga berildi. Onuň meýdany 154 gektara barabar bolup, Merkezi Aziýanyň iň iri söwda toplumlarynyň arasynda bäşinji orny eýeleýär. Bu toplumda 2868 söwda dükany we 5006 sany söwda orny bolup uzakdan gatnaýan söwdagärler üçin myhmanhana we köp sanly naharhanalar bar.