logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /29-njy aprelde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar
  25.04.2022
846
29-njy aprelde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň «Telegram» sahypasynda habar berilýär.

Uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 10:00-da ýerine ýetiriler. Bu uçar gatnawy üçin awiapetekler 27-nji aprelde awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasynda satylyp başlanar. Awiapetekleriň ortaça bahasy 600 amerikan dollary möçberinde bolar.

 Ýolagçylaryň arasynda Russiýanyň raýaty bolmadyk raýatlaryň ýanlarynda ýokanç keseliň ýoklugy baradaky soňky 48 sagadyň dowamynda alnan lukmançylyk barlagynyň netijesini hökman bolmalydyr.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň salgysy: Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03.