logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /3-nji iýun - Bütindünýä welosiped güni
  02.06.2023
1076
3-nji iýun - Bütindünýä welosiped güni

Sport bilen meşgullanmak, esasan hem, welosport bilen meşgullanmak häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýaty üçin däp boldy. Bu babatda Arkadagly Serdarymyzyň hut özi görelde bolýar. Bu bolsa, biz — ýaşlaryň sporta bolan höwesimizi has-da artdyrýar.

Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, ilatyň saglygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesilleri çäksiz begendirýär, buýsandyrýar.

Bütindünýä welosiped güni häzirki wagtda diňe bir gözel Diýarymyzda däl, eýsem Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Ýeri gelende, Türkmenistanyň welosiped sportuna degişli ugurlar boýunça birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini buýsanç bilen nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, biziň güneşli ülkämiz dünýäde welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, welosipedde iň dowamly, bir nyzamly ýörişiň geçirilen ýurdy hökmünde hem bellidir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Welosiped dünýäde ekologik taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag hökmünde giňden ulanylýar» diýip belleýşi ýaly, welosiped adamlaryň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Eziz ülkämizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, dürli ýaşdaky watandaşlarymyzy jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bularyň ählisi hem dünýäde  giň goldaw tapan halkara kararnamalarynyň berkarar döwletimizde üstünlikli amal edilýändiginiň alamatydyr.  

 

Mekan KLYÇEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.