logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /35 ýyl bäri dowam edip gelýän «Maýmynlar üçin» ýörite festiwal!
  29.11.2022
1792
35 ýyl bäri dowam edip gelýän «Maýmynlar üçin» ýörite festiwal!

Taýlandyň Lopburi şäherinde takmynan 4 müňden gowrak maýmyn özleri üçin ýörite taýýarlanan bufetden lezzet aldy.

Taýlandly bir telekeçiniň ýolbaşçylygynda 2 tonna miwe we gök önümlerden ybarat iýmit syýahatçylaryň we ýerli ilatyň kömegi bilen maýmynlar üçin ýörite taýýarlandy. Iýmitlere hüjüm eden maýmynlar birnäçe wagtyň içinde ýörite taýýarlanan 2 tonna miwäni we gök önümleri iýdiler.

«Maýmynlaryň açyk bufet festiwaly» diýlip atlandyrylýan we 35 ýyldan bäri dowam edip gelýän bu däp syýahatçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Beýleki tarapdan, festiwal maýmynlaryň şäheriň syýahatçylygyna goşan goşandyna hormat hökmünde guraldy.

Belläp geçsek, bu festiwal 1989-njy ýyldan bäri noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Taýlandyň Lopburi şäherindäki gadymy ybadathananyň töwereginde 34 ýyl bäri geçirilip gelinýär.