logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /3D printerde adam derisi ýaly duýgur robot goly döredildi
  27.03.2022
1206
3D printerde adam derisi ýaly duýgur robot goly döredildi

Alymlar adam derisi ýaly duýgur robot goluny 3D printerde ýasamagy başardylar. 

Häzirki wagtda köp robotlaryň we beýleki gurluşlaryň adama meňzeş daşky keşbi bar bolsa-da, edil ynsanyňky ýaly duýgy aýratynlygyna eýe däl. Bu bolsa robotlary köp işlerden uzaklaşdyrýar. Bristol uniwersitetiniň gözlegçileri, adam derisindäki duýgur öýjüklerden ylham alyp, 3D printeriň kömegi adam derisi ýaly duýgur robot goluny döretdiler.

Bristol uniwersitetiniň matematika we inženerçilik kafedrasyndan professor Natan Lepora: “Biziň işimiz adam derisiniň çylşyrymly içki gurluşynyň adamzat duýgusyny döredýändigine düşünmäge goşant goşýar. Bu ýumşak robotika pudagynda tolgundyryjy ösüşdir.” - diýip belleýär.

Gözlegçiler, täze döredilen robot golunyň adamlaryň alýan nerw signallaryna gaty ýakyndygyny, ýöne juda kiçi jikme-jikliklere duýgur däldigini aýdýarlar. 3D printerde çap edilen deriniň adam derisinden has galyň bolmagyna garaşylýar. Ýöne geljekde bu derini mikroskopik şkala arkaly döretmek we tehnologiýa pudagyna has-da goşant goşmak göz öňünde tutulýar.

Professor Lepora: “Biziň maksadymyz emeli derini hakyky deri ýaly ýagdaýa getirmek" - diýip belleýär. Bu täze açyş, “Royal Society Interface” žurnalynda çap edildi.

Baýram ALLABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.