logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy
  25.06.2025
1424
4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy

Türkmenistan halkara ynsanperwer hyzmatdaşlykda ynamdar hyzmatdaşdygyny görkezýär

Ýakyn Gündogarda dowam edýän howply ýagdaýlaryň fonunda Türkmenistan halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň işjeň we ynamdar gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýär. Ýurduň üstaşyr geçelgeleri arkaly Eýran bilen serhetýaka çäklerinden daşary ýurt raýatlarynyň howpsuz ýagdaýda geçmegi üpjün edilýär.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, şu wagta çenli 52 döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna kömek edilmegi üçin Türkmenistana ýüz tutupdyr. Bu utgaşykly guralan ynsanperwer çäreleriň netijesinde, takmynan 4000-den gowrak adam öz ýurduna dolanyp ugradyldy.

 

Bu çäreler Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň goldamagynda gysga wagtda utgaşykly ýagdaýda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýüzlenmelere çalt we netijeli jogap bermegi, şeýle hem sebitde durnuklylygyň saklanylmagyna goşant goşmagy ýurduň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär we onuň möhüm ynsanperwer kömek kanaly hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny subut edýär.