logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /- 50 derejede işlärler: Russiýanyň iň uly mis magdan käni işe başlaýar
  15.11.2022
1135
- 50 derejede işlärler: Russiýanyň iň uly mis magdan käni işe başlaýar

Russiýanyň iň uly mis magdan käni bolan «Удокан»-da - 50 gradus sowuk temperatura garamazdan öňümizdäki ýyl işe başlar. Birinji etapda her ýyl 135 müň tonna önüm öndürilýän «Удокан»-da kuwwatda hereket edilende her ýylda 400 müň tonna çenli mis öndüriler.

Geologlar 1949-njy ýylda «Удокан» magdan känini açdylar. «Удокан» - Russiýanyň iň uly mis ätiýaçlyk magdan käni hasaplanylýar. Bu magdan käni takmynan 26,7 million tonna ätiýaçlygy bilen dünýäde üçünji orunda durýar.

Ýaramaz howa şertleri we sebitde infrastrukturanyň ýoklugy sebäpli sebitde 2008-nji ýyla çenli iş alnyp barylmady. Magdan käniniň geljek ýyl işe başlamagyna garaşylýar.

Dünýäniň iň möhüm metallaryndan biri bolan mis, awtoulaglarda, kompýuter çiplerinde, azyk gaýtadan işleýjilerinde, agyr senagat önümçiliginde we başga-da birnäçe pudaklarda giňden peýdalanylýar.