logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /55 karatlyk ýakut rekord baha satyldy!
  10.06.2023
1065
55 karatlyk ýakut rekord baha satyldy!

Nýu-Ýorkda geçirilen bäsleşikli söwdada auksiona goýlan «Fura ýyldyzy» atly iň uly ýakut 34,8 million dollara satyn alyndy.

«Fura ýyldyzy» atly 55,22 karatlyk ýakut auksionda satylan iň gymmatly ýakut boldy. Auksion öýi satylan ýakudy «ýeke-täk we gaýtalanmajak gymmat bahaly daş» diýip häsiýetlendirdi.

Auksiony bellän başga bir gymmat bahaly daş, Botswanadaky magdan käninden gazylan «Baky gülgüne» atly göwher boldy. Auksionda goýlan iň janly gyrmyzy-gülgüne göwher 10.57 karatlyk bolup, ol hem öz reňkinde rekord baha satyn alyndy.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2017-nji ýylda Gonkongda geçirilen auksionda 71,2 million dollara satylan 59,6 karatlyk «Gülgüne ýyldyz» göwher şu wagta çenli satylan «iň gymmat gülgüne göwher» hökmünde tanalýar.