logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /«5G» tehnologiýasyny ulanýanlaryň sany ýakyn wagtda 1 milliarddan geçer
  05.12.2022
1134
«5G» tehnologiýasyny ulanýanlaryň sany ýakyn wagtda 1 milliarddan geçer

Ulanyjylara hiç hili gijikmesiz ýokary tizlikli internet hödürleýän «5G» tehnologiýasy soňky ýyllarda smartfonlarda hem peýda boldy. Köp ýurt entek bu tehnologiýa taýyn däl bolsa-da, käbir ýurtlar eýýäm «5G» infrastrukturasyny döretdiler, synag etdiler we ulanyp başladylar.

«Ericsson» tarapyndan berlen täze hasabata görä, ýylyň ahyryna çenli tutuş dünýäde 1 milliarddan gowrak adam «5G» bilen internete biriger. Bu görkeziji, 2022-nji ýylda 5 milliard töweregi ulanyja elýeter bolan «4G»-den gaty yzda.

Hasabata görä, 2028-nji ýyla çenli «5G» ulanýanlaryň sanynyň 5 milliarda ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa ähli internet ulanyjylarynyň 55 göterimini emele getirýär.