logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /6 aýdan soň Hytaýda «Covid-19» sebäpli ilkinji ölüm hasaba alyndy
  21.11.2022
991
6 aýdan soň Hytaýda «Covid-19» sebäpli ilkinji ölüm hasaba alyndy

Hytaýyň Milli saglyk guramasynyň beren beýanatyna görä, Pekinde ýaşaýan 87 ýaşly adam koronawirusyň pidasy boldy. Bu waka 26-njy maýdan bäri ýurtda wirus sebäpli ilkinji ölüm hökmünde hasaba alyndy.

Hytaý döwletiniň çäginde soňky 24 sagadyň dowamynda täze 2 müň 204 waka hasaba alyndy. Resmiler howanyň sowamagy bilen keseliň sanynyň köpelýändigini belleýärler.

Ilatyň arasynda wirus bilen baglanyşykly ölümiň we hadysanyň azdygyna garamazdan, häzirki wagtda ýurtda «nol hadysa» diýlip atlandyrylýan berk syýasy çäre dowam etdirilýär.