logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /6 müň 400 sany türkmen akkumulýatory dürli döwletlere eksport edildi
  22.03.2024
660
6 müň 400 sany türkmen akkumulýatory dürli döwletlere eksport edildi

2016-njy ýylda esaslandyrylan, Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasy bilen işlerini sazlaşykly işleýän, ýurdumyzda ilkinji bolup awtoulaglar üçin akkumulýator batareýalaryny öndürmekligi ýola goýan kärhanalaryň biri hem «Kökçi» hojalyk jemgyýetidir. 

 

 

Bölümleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» hil nyşanly 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 watt kuwwaty bolan görnüşleri öndürilip, alyjylara hödürlenýär. Önümçilik gerimi barha giňeýän kärhanada 2023-nji ýylyň dowamynda dürli kuwwatlykly akkumulýator batareýalarynyň 76 müň 680-den gowragynyň öndürilmegi kärhananyň önümçilik kuwwatynyň ýokarydygyna, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. 

 

 

Öndürilen ýokary hilli önümiň 24 müň 784 sanysynyň dürli döwletlere eksport edilmegi bolsa, kärhananyň önümlerine daşary ýurtlarda hem islegiň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Kärhananyň 2024-nji ýylyň başky iki aýynyň dowamyndaky öndürijiliginiň ýokarydygyny hem bellemek bolar. Hojalyk jemgyýetinde ýylyň başyndan bäri eýýäm 15 müň 810 sany dürli görnüşli akkumulýator batareýasy öndürilipdir we onuň 6 müň 400 sanysy eksporta ugradylypdyr. 

 

 

«Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň häzirki wagtda Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly döwletlere ugradylmagy kärhananyň eksport ugrunyň barha artýandygyny görkezýär. Hojalyk jemgyýetiniň Türkiýäniň we Ýaponiýanyň kämil enjamlary oturdylan bölümlerinde çig mal hökmünde ulanyşdan galan akkumulýatorlaryň gurşunlary, şeýle hem himiýa kärhanasynyň käbir önümleri peýdalanylýar. 

 

Annanur JUMAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.