logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /6-njy iýul - Bütindünýä kardiolog lukmanlarynyň güni
  06.07.2022
1218
6-njy iýul - Bütindünýä kardiolog lukmanlarynyň güni

Möhüm sene 2000-nji ýylda Bütindünýä ýürek federasiýasynyň başlangyjy bilen peýda boldy. Kardiolog lukmanlary ýürek-damar ulgamynyň patologiýasy bilen baglanyşykly keselleri öwrenmek, anyklamak, gözlemek we bejermek bilen meşgullanýarlar. Ýürek-damar keselleri dünýädäki adamlaryň ölümiň esasy sebäbi bolup durýar. Keselleriň bu toparyna ýürek işemiýa keseli, kelle beýnisiniň damarlaryň keseli we periferiýa arteriýalary, dogabitdi ýürek keseli, rewmakardit keseli, damar trombozy we öýken emboliýasy, şeýle hem ýiti şertler - ýürek agyry we insult degişlidir. Iň möhüm organlaryň we ulgamlaryň dogry işleýşi, umuman, adamyň saglygy we doly ömri kardiologyň hünär derejesine baglydyr. Kardiologiýanyň taryhy birnäçe müň ýyl dowam edýär: gadymy Müsür Ebers papirusynda (miladydan öňki XVII asyr) ýürek işiniň beden üçin ähmiýetine düşünmek bolýar. Gippokrat, Leonardo da Winçi, Andreas Wezaliý, William Harwi damarlaryň ganynyň bir tarapa hereket edýändigini ilkinji gezek synagdan geçiren we ganyň ähli göwrüminiň ýürekden geçýändigini matematiki taýdan hasaplaýan kardiologiýanyň ösmegine goşant goşdy. XIX asyryň başynda kardiologiýa ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamak, bejermek we öňüni almak üçin öz usullary bolan garaşsyz lukmançylyk pudagy hökmünde ýüze çykdy. Kardiologlara raýatlarymyzyň saglygyny berkitmrkde edýän işleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys we bütindünýä hünär baýramy bilen gyzgyn gutlaýarys!

Bahar GAZAKOWA,  Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy