logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /86 million kubmetrden gowrak «mawy ýangyç» artyk çykaryldy
  14.04.2023
1014
86 million kubmetrden gowrak «mawy ýangyç» artyk çykaryldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde geçen üç aýda hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 772 million kub metrden hem geçip, meýilnama 113 göterime barabar ýerine ýetirildi. Şunda artyk çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi 86 million kubmetrden hem köp boldy.

Çärýek asyra golaý wagt bäri hereket edýän bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki «Körpeje», «Çekişler», «Altyguýy» ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýmagy başarýar.

«Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 12 müň 420 tonna nebit tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny hem 117 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.