logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /95 ýurtda geçirilen gözleg: 10 adamdan 4-si jada ynanýar!
  29.11.2022
1256
95 ýurtda geçirilen gözleg: 10 adamdan 4-si jada ynanýar!

Täze gözleg, dünýädäki 10 adamdan azyndan 4-siniň jadygöýlige we palçylyga ynanýandygyny ýüze çykardy.

«PLOS One» ylmy žurnalynda neşir edilen bu gözlegi, ABŞ-da ýerleşýän «Pew» gözleg merkezi we beýleki köp sanly gözleg guramalary tarapyndan 2008-nji we 2017-nji ýyllar aralygyndaky geçirilen gözleglerden alnan maglumatlar jemlendi.

95 ýurtdan we 5 yklymdan 140 müň adamyň gatnaşan bu gözleginde jada we dürli ynançlara şeýle-de palçylyga degişli soraglar berildi. Soraglaryň jogaplaryna baha berildi we netijeler statistika girizildi. Netijede, gözlege gatnaşan adamlaryň 43 göteriminiň jada we dürli ynançlara şeýle-de palçylyga ynanýandygy mälim boldy.