logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Abiwerd barada
  24.04.2023
948
Abiwerd barada

Biziň taryhymyzda orta asyr taryhy uly ähmiýete eýedir. Bu asyrda sungat,  arhitektura,  senetçilik, söwda  gatnaşyklary gülläp ösmegi  bilen  birlikde uly-uly  şäherler, berk galalar, suw desgalary gurlupdyr. Orta asyr taryhyndan köp sanly ýadygärlikleriň habarlary biziň günlerimize çenli saklanyp galyp, olar düýpli öwrenilip gelinýär. Orta asyrda gülläp ösen Merw, Dehistan,  Şähri-Yslam, Bagabat-Änew, Abiwerd ýaly birnäçe şäherleri agzamak bolýar. Şol şäherleriň içinde Abiwerd-Peştag şäheri özüniň tutýan meýdany we arhitektura gurluşy boýunça tapawutlanýar. Bu şäher Kaka etrap merkezinden 8 km günorta-günbatar tarapda ýerleşýär. Peştag sözi portal, diýmegi  aňladyp, weýran bolan metjidiň esasy girelgesiniň  adyndan  gelip çykandygy düşündirilýär.

XII asyrda  ýaşan  belli alym Ýakudyň ýazmagyna görä we taryhy çeşmelerimize salgylananymyzda, bu şäheriň Bawerd Ibn Judarz diýen adam  tarapyndan  düýbi tutulyp, şol şahsyň ady dakylandygy bellenilýär. Peştag şäheri özüniň gurluşynyň plany boýunça göni burçly  bolup,  berk galadan  we rabatdan durýar. Gala «П» harpy görnüşinde  şäheriň  daşyna aýlanýar.  Diwaryň daş ýüzüne bolsa, suw  goýberilýän  ini 10 metre golaý, çuňlugy  5  metre  golaý  bolan  garym  aýlapdyrlar.

Galanyň  ýeke-täk  derwezesi  onuň  günorta-günbatar tarapynda ýerleşipdir we  oňa  ýakyn   bolan  territoriýada XII asyrda bina edilen  metjit  ýerleşipdir. Bu metjidiň arap ýazgyly esasy girelgesi – portaly – peştagy bolup soňky ýyllarda Peştag diýip atlandyrylmagy  şondan  gelip  çykandyr.  Abiwerdiň 2 sany söwda merkezi bolup, olaryň biri şäheriň günorta-günbatarynda, beýlekisi bolsa demirgazyk-günbatar  böleginde  ýerleşipdir.  Bu merkezlerde galla ekinleri,  künji, keramiki, metal we çüýşe önümleri Dehistan,  Merw,  Horezm,  Horasan ýaly birnäçe şäherler bilen söwda gatnaşyklarynyň ýola goýlanlygy hakynda bellenilýär. 

 

Ýakup TAGANOW, 

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.