logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /ABŞ-da 17 sany täze kyrkaýak görnüşi tapyldy
  19.04.2022
1106
ABŞ-da 17 sany täze kyrkaýak görnüşi tapyldy

ABŞ-nyň Appalaç daglarynda ýaşaýan Nannaria maşgalasyna degişli kyrkaýaklaryň 17 sany täze görnüşiniň tapylandygy mälim edildi. Bu täze kyrkaýak görnüşi, ABŞ-nyň Tebigat bilen baglanyşykly gözlegleri alyp barýan alymlar topary tarapyndan tapyldy.

Wirjina politehniki institutynyň we Döwlet uniwersitetiniň entomologlary meýdan işlerinde we ýerli muzeý kolleksiýalaryndan ýygnalan 1800-den gowrak nusgany gözden geçirdiler. Entomologlar gözlegleriniň netijesinde, Appalaç daglarynda ýaşaýan Nannaria maşgalasyna degişli kyrkaýaklaryň 17 sany täze görnüşini tapdylar.

Wirjina politehniki institutynyň hünärmenleri bu az tanalýan oňurgasyzlaryň dargamak üçin möhüm rol oýnaýandygyny belläp, ýaprak galyndylaryny ýok edip, ýokumly maddalary ekosistema goýberýändigini aýtdy.

Aslynda kyrkaýaklar tokaýyň barylmasy kyn ýerlerinde ýaşaýarlar, çüýrän ýapraklar we beýleki ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Kyrkaýaklary aslynda tutmak birneme kyn, sebäbi olar kämahal ýeriň aşagynda gömülýärler. Gözlegiň netijeleri “ZooKeys” žurnalynda çap edildi.

Guwandyk ALLAKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.