logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /ABŞ-da -56 gradusa ýetýän sowuk aýaz dowam edýär!
  24.12.2022
1084
ABŞ-da -56 gradusa ýetýän sowuk aýaz dowam edýär!

ABŞ-da doňduryp barýan sowuk we aýazly günler dowam edýär. Ýurduň birnäçe ilatly sebitlerinde garyň köp ýagmagy bilen  ilatly nokatlar suw basdy. Temperatura - 56 gradusa çenli peseldi.

Ýurduň New Jersey ştatynda garyň ýagmagy sil bolmagyna sebäp boldy. Ştatda birnäçe iş ýerlerini we edaralary suw basdy. Käbir desgalar ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

ABŞ-nyň hökümeti doňduryp barýan sowuk we aýazly şemalyň ýurduň gündogaryna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini mälim etdi. Sowugyň  ýaramaz täsir etjek sebitlerinde dynç alyş yglan edildi.

Belläp geçsek, ABŞ häzirki wagtda görlüp eşidilmedik sowuk gyşy başdan geçirýär. Ýurtda doňduryp barýan sowuk we aýaz sebäpli birnäçe adam pidalary bar.