logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /ABŞ-ly sport žurnalisti Wahl dünýä çempionaty dowam edýärkä aradan çykdy
  13.12.2022
968
ABŞ-ly sport žurnalisti Wahl dünýä çempionaty dowam edýärkä aradan çykdy

2022-nji ýyldaky FIFA dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Argentina bilen Gollandiýanyň arasyndaky oýna tomaşa edip otyrka, birden oturgyçda oturan ýerinde arkasyna ýykylan amerikaly žurnalist Grant Wahl aradan çykdy.

Katarda geçirilýän dünýä çempionatyny ýakyndan yzarlaýan 48 ýaşly Wahl, stadiondaky lukmançylyk toparlary tarapyndan berlen ilkinji kömege garamazdan aradan çykdy.

Häzirki wagtda amerikaly žurnalist Wahl-yň näme sebäpden aradan çykandygy bilinmeýär. Ýöne ol şahsy web sahypasynda soňky gezek ýeterlik ukynyň ýoklugy, aşa stresiň bardygy we agyr işlenilýändigi sebäpli özüni ýaramaz duýup, hassahana gidendigini aýdypdy.