logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Abu Aly Ibn Sina barada
  18.03.2024
1304
Abu Aly Ibn Sina barada

Orta asyryň beýik akyldar alymy, filosofy, lukmany ibn Sina Eýranyň Hemedan şäherinde 1037-nji ýylyň 18-nji iýunynda 57 ýaşynda aradan çykypdyr we şol ýerde hem jaýlanypdyr.

 

Alym ençeme uly göwrümli ylmy iş ýazypdyr. Lukman Hekimiň kakasyna Abdylla diýer ekenler. Onuň işini dowam etdirijileriň biri hem Jürjany bolupdyr. Jürjany ibn Sinanyň ýazyp ýetişmedik ençeme ýazgylarynyň yzyny dowam edipdir.

 

Lukman Hekim IX asyryň ahyrynda X asyryň başlarynda ýurtda syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň gowşamagy sebäpli, Horezme, Ürgenje göçýär. Şol döwürde bu ýerde arap halyflygynyň başda durmagynda döredilen, «Paýhas öýi» ady bilen hereket eden döredijilik adamlarynyň birleşmesine — Mamunyň akademiýasyna Abu Reýhan Biruny ýolbaşçylyk edipdir. Mamunyň akademiýasynda baý kitaphanadyr obserwatoriýa bolup, onda alymlar ylmy işler bilen meşgullanypdyrlar, özara pikir alşypdyrlar. Lukman Hekim bu döwürde «Kanunlar», «Sagalma» kitaplaryny ýazypdyr. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda aýratyn hem psihiki we nerw kesellerini bejermekde sözüň, sazyň, bedenterbiýäniň ähmiýetine ýüzlenipdir. Ol ynsan saglygy bilen iş salyşmak üçin hoş sözli, suhangöý bolmagyň, şirin sözüň gudratyna sarpa goýmagyň wajypdygyny nygtapdyr. Adamlary ýaşaýşa höweslendirmek, dogry ýola gönükdirmek meselesine üns bermegiň möhümdigini ündäpdir.

 

Ibn Sina dürli saz gurallaryndan hem baş çykarypdyr we özüniň rubagylary, gazallary bilen giňden tanalypdyr. Saz sungatynyň näsaglary bejermekdäki gudraty, ukyby, şirin owazyň adamy köşeşdirip, nerw damarlaryny ýumşadýandygy we iň gowy emleriň biri hökmünde hyzmat edip bilýändigi barada ençeme eserleri ýazypdyr.

 

Kerim HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.