Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Abu Aly ibn Sinanyň durmuş ýoly
  19.03.2024
200
Abu Aly ibn Sinanyň durmuş ýoly

Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina, Günbatarda Awisenna - filosoflaryň şasy, Gündogarda Abu Aly ibn Sina – bolsa, ol Aş-Şeýh-ar-Reýis ady bilen arap dünýäsinde uly meşhurlygyna eýedir. Bu Beýik adam, orta asyrlaryň beýik alymy, akyldary barada dünýäde köpsanly rowaýatlar aýdylandyr.

 

Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdulla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina Merkezi Aziýaly beýik alym – ensiklopediýaçydyr. Ol 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň ýakynynda ýerleşýän uly bolmadyk Afşana obasynda (Özbegistan respublikasynyň häzirki  Buhara welaýaty) eneden dogulýar. Häzirki Afşana obasy irki orta asyrlarda türkmen taýpasy afşarlaryň döreden şäheridir (afşarlar häzirki wagtda Eýranda, Türkiýede ýaşaýarlar). Akyldaryň soňky  ady Ýewropada ― Awnsina (Авиценна, Avicenna) ady bilen ýoýulýar. ― Sina dari dilinde ― merjeni deşiji (swerleýji) manyda türkmen diline terjime edilýär.

 

Beýik akyldar 15 ýaşynda Gresiýanyň, Rimiň, Müsüriň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň beýikleriniň lukmançylyk boýunça klassiki işlerini öwrenmäge başlaýar. Emma ol diňe bir teoretiki medisina bilen meşgullanmaýar we köp gezek amaly praktiki medisina degişli bolan işleri hem geçirýär.

 

Abu Aly ibn Sina 17 ýaşyna ýetende Gündogaryň ýene-de bir beýik akyldary Abu Reýhan al-Biruny bilen tanyş bolýar.  999-njy ýylda Buhara şäheri garahanlylar tarapyndan  basylyp alynýar. Şonuň üçin hem beýik akyldar 1005-nji ýylda  Buhara şäherini terk etmeli bolýar we ol ýerden gadymy Horezmiň  paýtagty bolan Gürgenç şäherine gelýär. Bu ýerde şol wagtlar öz döwrüniň has tanymal (meşhur) alymlary ýaşapdyrlar.

 

Öz döwrüniň tanymal filosoflary we lukmanlary bilen tanyş  bolmak ibn Sinanyň çalt gülläp ösmegine we kämilleşmegine  görnükli täsir edýär. Beýik akyldar ömrüniň ahyrky ýyllarynda syýahatda bolan wagtynda aşgazan (želtuha) keseli bilen keselleýär. Beýik mugallym, danalaryň danasy Gündogaryň iň beýik ýyldyzy Abu Aly Ibn Sina 1037-nji ýylyň iýun aýynyň 18-nde aradan çykýar.

 

Aýjeren MÄMMETMYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.